Ýalan bagt

Mesele däl bolýan zatlar,
o birleri bombalansa,
ýa ýykylsa jaýy iliň,
seniňki däl, saňa näme,
keýpini gör, sakla diliň,
niýet, päliň sözleriňde,
bil özüňi, başgany däl,
baş mesele gözleriňde,
sen nähili seredýärsiň,
haýsy ýandan, haçan, nädip,
mesele däl dil tansyny
edip bilýän, başarmaýan,
basyp alan, basyp alman
zorlan ili, kapasada
ýaşar ýaly iýip ýalan,
içip diňe berlen suwy,
diý bu durmuş, mydam şeýle,
gowy bolsaň mydam gowy.

Mesele däl bolýan zatlar,
mesele seň gözleriňde,
sözleriňde bar mesele,
görseň diňe görmelini,
özüň salyp öz çygryňa,
daraldylan özüňe çen,
ýaşap bolýar ýaşap bilseň,
hem özüňe gynanmasaň,
aýna bakyp, ýalan gülseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025