Gymyldy karty

Eger-de sen basjak bolsaň gorkyňy,
aladaňy, içde turuzýan tozan,
ýa ýatyrjak bolsaň ýelleriň sesin,
gulaklaryň gapýan, aýlaýan başyň,
hakyakatda bolmasa-da daşarda,
oturma öýüňde, bürenip ýorgan,
bilip bilmän indi näme etjegiň,
diýýärler çyk ýorganyňdan öňürti,
muny ozal edip gören adamlar,
soň diýýärler çyk öýüňden daşaryk,
pikirin bil gelenleriň, gitjegiň,
pikir etme ýurdy batyran gaýga,
ulus ili eden çörek ýesiri,
hiç gorkusyz etdi diýip bu işi,
hereket et, ilki ýuwaş, seresap,
aýagyňdan ozal gymyldar beýniň,
ýeke söz, sözlemden başlanýar kitap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025