Diktatory goraýan zat
Halaýan ýok ezijini,
başym goýjak gerek bolsa,
janym berjek diýseler-de,
hiç söýýän ýok süwümsizi,
goý, egilsin näçe aşak,
hakykatda, ýüreginden
sylaýan ýok ezijini.
Iki günlük emel ýetip,
emelsizi talan açyk,
pes görünmez iki-ýeke
gutulana ýurtdan gaçyp,
dosty bolmaz onuň ýeke,
ýanyndaky iň ýakyny,
ýa-da baýan saýasynda,
içi ardan doly bolar,
pis elinde bolup gurjak,
gözlerinden görner, seret
oky bolsa, hökman urjak.
Halaýan ýok diktatory,
tiresi ýok onuň asla,
milleti ýok, siňe baksaň,
iki ata atlanan il,
çopan bolsun ýa-da lukman,
ak halatly, içi gara,
KGB-niň ümsümleri,
ýa alýanlar başga para,
aýdymçylar ýa sazanda,
bir gämide, küregi ýok,
ýa gowrulýan bir gazanda,
odun bolup aşagynda,
diktatory eý görýän ýok,
täç etjek ýok başyna hiç,
aňsat bolsa, ýok etjek kän,
suwlan bolup köşgüň gülün,
ýöne birje mesele bar,
bu işlerde bet bolmaly,
ulanmaly başgaň elin,
soň oň ady çykmaz ýaly,
ýakyp, ýok etmeli külün.