Täze sowatsyzlyk

Täze sowatsyzlyk ýykýar milleti,
aýagyna kakyp, itip ýeňseden,
daşdan görseň, okuw uran kän örän,
saýlaw bolup, diýýäň biri ýeňsedi.

Käbiri bar, iki ýa üç dil bilip,
bäş-alty dil bilýän diýip öwünýär,
Konfusiden gürrüň edýär birisi,
beýlekisi gülýär Sokrata, çünki
eşidipdir 'grek siňegi' diýip,
emma derrew sepi açylýar iliň,
ähli gürrüň zada gelip dirände,
jaýy uly, sagatlary haýbatly,
TW-si ullakan sylag, sarpaly,
eşek münüp çapan görünýär atly.

Okan, emma düşünmedik bolana,
geçeni, geljegi görmän, gynanman,
meselesi näme dünýäň, ynsanyň,
ýazýanlary ýazýanyna ynanman,
ýa-da ýazýan diňe galyba görä,
bilmedigin bolup eşiden, bilen,
täze sowatsyzlyk ýykýar milleti,
özi gülki, belki, jahana gülen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025