Sypaýy söz
Ýol ýok munda kä ahwaly
aýdar ýaly ýüze gelmän,
göwne degmän, galanlara
dogry awtobusa münmän,
ýa mün diýlip başga otla,
gara güýjüň goşunynda,
mejbur bolup, yza gaýdan,
a soň duran şol bir ýerde,
pikir etmän bolan zady,
bolan bolup baş serkerde,
öz tenine basman ody,
ýol ýok asla aýdar ýaly
bolanlary gönülemän,
berdiň diýip bütin ömrüň
görnüp duran ýalanlara,
salanlara özüň halta,
boganlara onuň agzyn,
basyp alyp başga ýurdy,
gara nebsi baýdak edip,
hemem bolduň galat özüň,
goramaýar, ýüzüň açýar,
ile çöwjäp aýdýan sözüň.