Adam hasraty

Hassalykmy, kemakyllyk, belli däl,
nireden uç alýar, nädip başlanýar,
başga birin garalamak endigi,
aýyplajak bolmak işledi diýip,
ýa işleýär diýip aýlykly ýerde,
gowy köwüş bilen ak köýnek geýip,
diýmän kimler işlemejek başarsa,
okapdyr, başarýar işini diýmän,
ýa-da aýdyp bilmän nämesi aýyp,
ýa armany näme içinde galan,
adam özün tapman, gün görýär gaýyp,
diýip bilmän ölýär ýaşadym ýalan.

Bahyllykmy, ýa başga zat, belli däl,
ýa bu adat, bolşewigiň mirasy,
ýa ondan öň, ata-baba garyplyk,
ruhy göýdüklik getirip ony
dykdy baky ýesirlige, açlyga,
garny doýsa, gözi doýmaz hiç haçan,
hasaplaýar başgalaryň puluny,
ýa bir ýaramazlyk gözleýär ilden,
gürrüň edýär, ýetse awy, zäheri
wagty bilen aýrylmajak, çykmajak,
belki, şeýdip köşeşdirýär özüni,
ýa bu onuň gowy görýän kakmajy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025