Imperiýa nostalgiýasy
Özüňden-de diletant,
diňe ýeke özi däl,
ene-atasy bilen,
tanap, içiň tutýarsyň,
agzy agza ýetişmän,
gürrüň etjek diňleseň,
bolsun, bolmasyn many,
düýn-oňňunam öýkeni
görnüp duran, duşmany
düşürmeýär dilinden,
ata-babasyn gyran,
ýene ýeňse begenjek,
ýa giňeltse ýurduny,
bar gylygy keseki,
basyp alan ideal,
ýaşan mydam kemsinip,
öwrense-de dilini,
gözi gara bolansoň,
ýöne indi çarygyn
unudypdyr at münüp,
betbagtlygy iliniň
bolup direg, daýanjy,
ýa basgançak, ýykylman
duranyna guwanman,
aga bolan aç ýaly,
goşun çekip, ýurt talap,
iýenini gür berýär,
gürrüň berýär içenin,
guçanlary – buýsanjy,
giden, gören ýurtlary
ýeten iki ýigrimä,
üýtgetmändir pikirin,
görkezmändir ornuny,
bagtly bolup oýnaýar,
gülen bolýar durmuşa,
erin bolup durşuna,
zat diýmeseň depäňe
çykjak, düşmän oturjak,
özüňden-de diletant,
gurjakdan ozan gurjak...