Nesil problemasy
Eger-de bir nesil çekse minneti,
basyp alan bilen äbede-jüýbe,
ikinjisi bagra basarmyş ony,
köre-körlük bilen gorajak bolman,
synlaň gowy, tanaň ilki milleti,
iň esasy nämelere çydady,
taryhçysy dymdy esasy nämä,
ýazyjysy, şahyrlary, ozany,
maldan beter nämä gysgandy sesin,
gerek ýerde ýwaşadyp, çykarman,
ýa-da alymlary, syýasatçysy,
baryp haçan guma sokdy kellesin,
görmezlige salyp bolýan zatlary,
bu hakykat, oýaryp bor uklany,
ýöne ýatan bolýan ukusyn kesip,
bäri-bärde, aňsat galdyrmaz başyn,
peýdasy ýok onuň gulagyn açdym,
gözün açdym diýp arlanyň bilen,
eger-de bir nesil çekse minneti,
ikinjisi galmaz garganyň bilen.