Bu şol
Ýok, bu asla, eger-eger
deňeçer däl, barabar däl,
ýok edilse ikä derek,
üçe derek otuz adam,
ýa ýüz adam ona derek,
müňe derek onlarça müň,
kast edilse tutuş ile,
biri ýerden galdy diýip,
däliredi diýip biri,
urup aryn aldy diýip,
ýok, bu asla geldi-geçer,
çärejik däl görülmeli,
gelýän öňden, adam döräp,
galjak çäre, gaýtalanjak,
dowam etjek soňsuz, belki,
ýok, bu asla kanuny däl,
ýok bu ýerde deňlik asla,
ýa adalat, arzuw bolan,
hem düşünjek bolsa adam,
çylşyrymly diýen bolman,
gözlerine ynanýana,
eýerýäne wyždanyna
açyk bu iş, aýan örän,
ýok, görünýär diýmäň oňa,
gaty çigşik, görülen däl,
çaga-çuga, aýal diýmän,
garry diýmän tutuş bir il
gyrylýan dek başdan aýak,
bu şol, gyrgyn, ölýär millet,
depesinden düşmän taýak.