Surat

Tanadanyň gowy

Tanadanyň gowy, oglan,
tanatmasaň, niçik bordy,
iller göçüp gitse Marsa,
galardyk biz göçümizden,
gülerdiler wah-wah diýip,
çet obada, çölde doglan,
çopan diýip atasy dek,
dogry, gaçdyk, şäherleşdik,
ýöne oba içimizde,
çykman galdy, ynanýarys,
aglap gelse biri şindem,
tanadanyň gowy, ýegen,
sapak berip agyr günde.

Tanadanyň gowy, dogan,
özüm iýmän, iýdirjekdim,
özüm geýmän, geýdirjekdim,
emma gördüm, çen-çakym däl,
içiň ýalyn, daşyň ýalyn,
bilenimi aýdyp heläk,
dilim çekdim, çekdim elim.

Tanadanyň gowy, daýy,
tanadanyň gowy, daýza,
aýdym aýtsaň ilim diýip,
sözleriňe begenýärdim,
gözýaş dökseň ýurdum diýip,
gözleriňe guwanýardym,
gözleýärdim many, mazmun,
atlaryndan inileriň,
atlaryndan uýalaryň,
aýdyp duran, diýip duran
arzuwlaryn eneleriň,
ýat illerde darygamda,
giňeýärdi dünýä, zemin,
tanadanyň gowy, batyr,
tanadanyň gowy, emin!

Halk şahyry halka garşy,
wah, özümden aýlanaýyn,
halk artisti halka garşy,
wah, özümden aýlanaýyn,
alym, harby serkerdeler,
döşün orden, medal bezän,
at gazanan o, beýleki,
agyr döwür döwran süren,
bilen baý ýok ekip, dikip,
diňe gerek zady aýdan,
hatda diýip janym berjek,
öňki gidip, soňka gaýdan,
tanadanyň gowy, gerçek!

Adam, özi gowy bolsa,
öz päline osar eken,
adam, özi erbet bolsa,
öz ýoluna osar eken,
ildeş diýip, ýoldaş diýip,
çaý içersiň bile, arman,
näçe adam ýol başynda,
orta ýolda galdy barman
menziline, ile ugrap,
tanadanyň gowy, aga,
tanadanyň gowy, ini,
şükür edip sylýan indi,
säher turup, her bir Güni!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024