Seniň işiň
Seniň ömrüň nirä gitseň,
näme etseň, manysy şol,
özüň iýmän, iýip nahar,
aryp ýatsaň agşamara,
dik oturyp ýetmän daňa,
başgalaryň ne diýeni,
ne aýdany gerek saňa,
üýtgetjek ýok ol manyny,
gepi bilen, gybat bilen,
wagty barlar gürlesinler,
sen işiňi dowam etdir,
dowam etdir barýan ýoluň,
özüň özüň bilýän bolsaň,
ýykylýan hem galýan bolsaň,
ýalňyşaňda ýalňyşyňy
özüň boýun alýan bolsaň,
gülýän bolsaň öz kemiňe,
bilýän işiň edýäň, belki,
hem öwrenýäň ýalňyşyňdan,
uzaklara nazar aýlap,
aýsyz gije, ýyldyzlardan
ýoldaş tutun özüň saýlap,
gürleş, içiň dök-de oňa,
ynjal uka çümmezden öň,
turup ýene öz işiň et,
düşünjekler düşüner soň.