Bahyl bolmasaň

Eger özüň, ýüregiňde bolmasa,
ýigrenmeseň başga birin keýpine,
belki, biraz uzyn görüp özüňden,
ýa saçlaryn güri, owadan görüp,
ýa gözlerin nurly görüp, sözünden,
gürrüňinden many gözläp başgaça,
daşmy, çakgy götermeseň ýeňiňde,
sen bilmersiň gapdalyňda birleri,
gije-gündiz edýän işiň bilse-de,
ýa görnetin görünse-de ýüregiň,
näme üçin seni ýigrensin beýle,
ýaş ýa garry, gysyp, ýerin almasaň,
tanamarsyň ejir çekýän adamy,
boýnuň eltip, syrtmagyna salmasaň...

Belki, durmuş, wagty gelýär her zadyň,
soň seretseň, görýärsiňem perýadyn,
yza baksaň, ýetik bolýar gep, sözi
açýan açyk, ýüzün, gözün ýapmaýan,
eger-de özüňde bolmasa bolmaz,
görünmez kän öz ornuny tapmaýan,
ýöne görüp, gaty haýran galarsyň,
bahyl bolup dogmanyňa şükür et,
hem şükür et, özüň özüňe aýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024