Erkek adam

Ol özüne erkek diýýär,
murt goýberýär, sakgaly bar,
telpek geýýär silkip başa,
urlup gelýär gyzy aýda,
çagalary yzan-çuwan,
ol gyzyny goramaýar,
gep çykmasyn öýden daşa,
at-abraý gerek diýýär,
bar, git diýýär, düşen ýeriň,
öýüň bilen oňuşjak bol,
urýar diýip aglaýar gyz,
öldürmänkä ýygnaýyň-da,
başga nirä gideýin men,
çagam galar ýetim ölsem,
ýok, ýok, bolmaz diýýär ata,
çydajak bol, kim urlanok,
aýrylyşmak bolar hata...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024