Hatarly ýol
Köçe çyra, gyzyl, sary, ýaşylly,
gyzyl ýansa, gürrüňi ýok, durmaly,
sary ýansa, häzir bolup ýaşyla,
ýöremeli, menziliňe barmaly,
ýa-da ýolda, nobatdaky gyzylda
garaşmaly sary, ýaşyl ýanýança,
ýöne durmuş köçe çyrasy bilen,
kanun bilen işlemeýär mydama,
iller aglak, depä çykan mes bolsa,
pespälligiň depip içine günde,
gözi ýansa gyzyl çyra mysaly,
aman galan bir maşgala tapylmaz,
hatar bolar iliň ugrajak ýoly.