Döwlet we ýaşlyk

Döwlet seni, ýüregine düwende,
gönülemez, diýmez indi öldürjek,
ynanma hiç ýüz-gözüňi öwende,
garalar ol düýnem sylan adamyn,
köşgüň gapylaryn açyp öňünde,
adam tapar töhmet atjak, gerekli
don biçmäge, ýeňsiz, ýansyz, mugtuna,
soňra gabar dört diwara, kapasa,
içjek suwuň, aljak demiň hal bolar,
döwlet saňa, walla, öldürjek diýmez,
ýok etmesem ynjalamok diýmez ol,
derňemeli diýer diýilýän zady,
şikaýat bar, biz nädeli, şeýle-dä,
ýalňyş, ýalan bolsa, şeksiz bileris,
özüň bilýäň, döwlet bolmaz kanunsyz,
goramaly adamlary adamdan,
adam adam, her iş bolar, elbetde,
käte adam çykarýar-da ýadyndan,
bir öýde däl, ýaşaýyn döwletde...

Döwlet saňa göni öldürjek diýmez,
ýöne gysar gara jaýda gezimiň,
daşaryk çykarmak – diýýäniň näme,
kanun başga, durmuş başga, üzümiň
özi bir zat, suwy bir zat, bilýäň-ä,
sowuk bolsa, diýip bolmaz üşeýän,
yssy bolsa, salkynlamak arzuwyň,
gara deriň, kiriň içinde galar,
ogurlar ol azygyňy, dermanyň,
gowurak eşigiň yzyňdan gelen,
aýdyp, diýip, aňlatmarsyň armanyň,
döwlet diýlen tankdyr, tekeri demir,
üstünden sürende gaçyp bilmese,
duruzmasa ýüşüp, namardy merdi
goldamasa, gybat etmesin goýup,
bir, iki däl, bütin halky öldürer,
ölenleri öz-özüne güldürer,
öz-özlerin iýer adamlar görde,
näme üçin diýdim bu sözi diýip,
nireden men ol adama sataşdym,
näme üçin gowulyga ymtyldym,
a soň diýer: Wah-wah, ýaşdym!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024