Ýalançy şahyra bagyşlanýar
Seniň adam bilen ýolda
ýatan kesek, daşlar ýaly,
ýa agaçlar ýaly ýyllap,
ýol ýakada, ýap boýunda
duran uzyn gol dek galgap,
geçip bolýan bolsa sowlup,
gyzgan ýaly aslyşmasa,
işiň bolmaz, içiň owlup,
seniň ýoluň – seniň işiň,
başganyňky başgarak iş,
gidersiň sen, eglenmersiň,
güýmenmersiň daş, kesege,
agaçlara, seretmeseň,
gözleriňi massaž edip,
ýa-da ýadap oturmasaň,
saýasynda ýa üstünde,
gyşarmasaň baryn iýip,
daş üstünde dynç almasaň,
ýassanmasaň kesekleri,
ne işiň bar kesek diýip?
Ne işiň bar garry bilen,
hasaly ýa hasasy ýok,
ne işiň bar ýaşlar bilen,
tanamasaň, bimamla, hak,
öz göwnüňe laýyk adam
tapýan bolsaň, bilýän bolsaň,
laýyk däle içden, daşdan,
zat diýmeseň, gülýän bolsaň,
geçip bilýän bolsaň gülmän,
geljegine gelen kişi,
biljegini bilen kişi,
saňa näme doglan, aglan,
ýalan ýaşap ölen kişi?