Adam bilýär
Adam bilýär dogry bilen ýalňyşy,
görýär haky iýilýäni görnetin,
mamla bolup, mamla bilip özüni,
bilýär hemme dile almaz niýetin...
Adam bilýär kowulýany işinden,
iş bilmän däl, işin bilip, belki-de,
görýär iller iň bir açgöz, messepsiz
adamlaryň sap atyşyn tilki dek.
Tanaýar il susdurylýan adamy,
iki-ýeke synanyşan, dymmadyk,
goýýar özün käte onuň ornunda,
hem söwdasyz, arzan berýär gymmadyn,
harytlaryň iň gözelin, bir gezek,
ýeke gezek ýaşamaly ýaşyny,
goranmaýar, saýlap alýar erbedin,
süri bolýar, akylly ol sebäbi,
düşünýär il, aýdan bilýän zadyny,
bozan bolar hökman dessury, däbi...
Adam görýär, aman galmak aňsat däl,
görýär kanun gowy kagyz ýüzünde,
durmuş başga, sylamaýar hemişe,
ot ýakýar ol kanun diýseň gözüňde.