Çözülmejek deňleme
Basyp alan, basyp alnan asyrlap,
bir gapydan girip-çyksyn, deň bolmaz,
başga bolar, käte gelmişek arlap,
açar özün, ýöne kimsä geň bolmaz,
islesinler, islemesin, günäkär,
asy bolar olar ýaşasa näçe,
okasynlar bir mekdepde, bir ÝOJ-da,
näçe ýakyn bolan bolsun ýalandan,
gelen mydam, ýazylan däl, başda bor,
öz ilinde dogulandan daşda bor,
ýogsa dilin öwrenendir keseki,
öz ilinde azlyk, çüňke gysylan,
bilýän däldir öz taryhyn, köp zady,
kim atyldy, kimler ýüpsüz asylan,
ne ýatlanar ýurdun goranyň ady,
oňa derek başga dilde ýazylan
goşgulary, gazallary ýat tutar,
waspyn eden dagyň, düzüň, gülleriň,
diýmek geçen geçdi, gylyçly gelen
ýuwan ýaly birçak ganly ellerin,
ýöne ýürek ýuwmak müşgül bolarly,
kiçi görmek, egsik görmek ýeňleni,
ýa geplese, gepin, sözün geňleme,
öz gepiňi çyn gep etmek şübhesiz,
bu, megerem, çözülmejek deňleme.