Gülmeýän halk
Sen ýüregiň agyrysyn gizleseň,
buksaň içde pikirleriň, dert bolan,
ýaşyryp ýaşasaň açylan, ganan
ýaralaryň çäge sepip ýüzüne,
biri bolup çarwa halkyň, mert bolan,
ata-babasyna buýsanýan diňe,
käte gaçyp baryp, aglasy gelýän,
tüweleýli, peşmek uçýan düzüne,
arman ogly näme bolar, bilenok,
agyrysyn aýdyp bilmese millet,
ýüzi gülsün, emma gözi gülenok.