Ölçeg meselesi
Görnüp duran hakykaty,
bilýän zadyn aýtma pesiň,
aldan bolup öz-özüni,
başgalara pitjiň atyp,
bolan bolup hondanbärsi,
goý, ýaşasyn, bolýan bolsa,
kemsiz bolsun öz ýanyndan,
ýa ynansyn goltugyna
bir däl, iki garpyz berip,
galdyrýana ýerden göge,
her kimiň öz ölçegi bar,
sowulyp geç, ýogsa söger.