Iňirdi çykalgasy
Iňirdeýän ene-ata,
iňirdeýän agasyna,
daýysyna, daýzasyna,
inisine, daýaw bolsa,
ýa-da kelte, ýöne biraz
gurply bolsa özlerinden,
kän işleýän, eli gelen,
para alýan, başy, belki,
eteginde, gitmeli soň,
barsagelmez ýoly bilen,
iňirdeýän, durmuşyndan,
güzerandan razy däl,
razy däl işinden hiç,
gazanjyndan, hemişe az,
iňirdisin goýsa biraz,
pikir etse, ene-ata,
agasy-da özi ýaly,
daýysy-da özi ýaly,
daýzasy-da özi ýaly,
özi ýaly inisi-de,
başga birne iňirdese,
bolarmydy bu günki dek,
ýa-da surat çekermidi,
özi ýerde, gökde ördek?