Surat

Kitap urşundaky ýeňliş

Ozal duşman topun süýräp gelende,
ýaragly uruşda ýeňildi millet,
dilin, däbin zyňyp ikinji orna,
kaýyl boldy çekip ýaşasa minnet,
soň ýeňildi ýaryşynda akylyň,
pikir, düşünjäniň, gadagan edip,
il-gününiň gözün, üşügin açjak
ýazyjysyn, şahyrlaryn ot, ýalyn,
öçürdi suw sepip, köpeldi gaçjak,
ýa-da täze Lenin baba döretjek,
birin goýman, döwlet gyrdy ganatyn,
gara ganym galyplaryn döwjegiň,
sylady ol tapmadygy özüni,
ýolun arçap ýok geljegi öwjegiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024