Akylly samsyklar
Akyl edip, syýasata gelmedik,
goşulmadyk goha, gowga gündelik,
nadaranyň üýşen ýeri, belki-de,
iki sözli, on bäş ýüzli adamlar,
ýele görä öwsüp duran çar ýana,
daşda dursaň, has kömekçi bolarsyň,
ili gara gorpa alyp barýana.
Akyl edip, syýasata gelmedik,
kän aýdylan, täze pikir, açyş däl,
özünden-de beter samsyga tabyn,
gul bolmaly bolar soňundan kem-kem,
şeýle bir adam kän gereksiz ýerde,
ne özüne, ne-de iline hemdem.