Surat

Bizden sözi gabandylar

Bizden sözüň meýdanyny,
arenany gabandylar,
gezek ýetse, iki sözde
düzedäýjek ýaly ony,
gysgandylar giň jahany,
gyssandylar ýanyp, bişip,
diýilmedik zat galmady,
at galmady dakylmadyk,
kän maslahat edip üýşüp...

Wah, kemimiz kändi, az däl,
kemçiliksiz adam barmy,
ýöne kömek etjek bolduk,
busup ýatman ýyly ýerde,
gelinmeýän işe geldik,
at, dereje, baýlygy däl,
howp-hatarly pişe aldyk,
emma taýak tapan saldy,
aýaksyzlar depjek boldy,
gözsüz gördi açygymyz,
gabandylar sözümizi,
gabandylar gözümizi,
kütelmedi, jöwher diýip,
gördük, Alla, eglenjek ýok,
agzy bolan gitjek iýip,
bir säginip, oýlanjak ýok,
düşünmedik ilki, sada,
gerek dälmi halka özi,
bu dessurmy ýa-da adat,
üýşüp ýatan ýazyjy bar,
žurnalist bar ýaly ilde,
aş gatyklap ýazman dilde,
aýtjak bolýan çynyn çykyp,
bizden sözi gabandylar,
haýran şindem yza bakyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025