Adamyň orny
Sen bilseň-de nämedigin, kimdigin,
namaz okap, adam satýan ildeşiň,
hajy bolan, indi boljak, imanyn
güjeňlejek günde göze güýdüşip,
gybatlaryn getirseler soňundan,
özi bilen deň bolmarsyň, barmarsyň,
wagt ýitirip, çişip, öýke-kineli,
gürleşmersiň, düşünişjek bolmarsyň,
bolup ýörşüň näme diýmersiň oňa,
tersine, duş gelse, salam berersiň,
eşitmedik ýaly, bilmedik ýaly,
sebäbi bu sowet soňy, geçegçiň,
ýa-da alma agajyndan daş düşmez,
kakasyny gaýtalaýan oglanyň,
ýa-da gyzyň galan, galjak ýoludyr,
sen olara ýylgyrarsyň içiňden,
dowam edip öz ýoluňy, aryňy
gowy ýaşap, pese düşmän almaly,
şeýle bolan, şeýle bolar elmydam,
her kim özi, öz ýerinde galmaly.