Öztaraplyk goşgusy
Mekdep saňa bilim bermez
bilim bermez ÝOJ-lar saňa,
özüň bilýäň sowetleri,
sowet soňy ýagdaýlary,
öz-özlerin pahyr eden,
mätäç eden adamlary,
hem çekinjeň, hem-de gedem,
çekip biljek baky tagat,
soňy gelmez gije tapsa,
pelek gökden oklar, belki,
arzuw eder - alma gapsam.
Mekdep saňa bilim bermez,
üşük bermez ÝOJ-lar saňa,
öň bilmedik bolsaň, indi
gördüň näme güýçli goşun,
towuk ketek batyrlary,
çaga-çuga, ýaragsyzy,
eli ýetse, ilki urýan,
gördüň dogan milletleri,
güýji ýetse, şeksiz gyrýan...
Mekdep saňa bilim bermez,
üşük bermez ÝOJ-lar saňa,
gözüň açyp bütin gije,
hüwi ýaly, gözlemeseň,
günidizine açyp beýniň,
çyra alyp, yzlamasaň,
özüň bilýäň sebäbini,
pikir etseň çala, adam,
olam seniň ýaly ýadan,
bulam umyt edýär diňe,
ýöne bilmez nirede öň,
näçe diýsin diňe öňe!..
Bilim gerek hemmä, dogry,
bilýär muny her bir ogry,
ýa-da indi ogry boljak,
emma häzir örän dogry,
düzüw bolup oýnaýanlar,
oka diýip, çagasyny
itip, dürtüp goýmaýanlar,
bilip bilmän okuw näme,
bilim näme, haýsy suwdan,
alyp geçjek kagyz gämi...
Bazar gelse, gaty diplom
goýar bilim bolmasyny,
okamajak okajagyň
goýar ýerin almasyny
diýerdiler, arzuw boldy,
para derek pully okuw,
açyk hasap gelmedi hiç,
millet öňki boluşyna
gülmelidi, gülmedi hiç,
Pyragynyň arzuw eden
ajap döwri bolmady hiç.
Ýok bolmady, beter para,
beter alym-berim geldi,
çala jandy, mekdep pahyr,
demin sanap, suwsyz öldi,
ÝOJ gutaryp, bilimli däl,
has bilimsiz, san köpeldi.
Mekdep saňa bilim bermez,
üşük bermez ÝOJ-lar saňa,
gazet, žurnal diňe kagyz,
hojalykda gerekli zat,
radio, teleýaýlym
aýtmaz ýeke derkli zat,
ýalan, ýalan, ýene ýalan,
çynçy diýer içden bidat.
Gülen bolar iki ýüzli,
öňki sowet adamlary,
sowet soňy, täze nesil,
özün satan arzan ýa-da
bahasyny kesip bilmän,
tapanjasyn iýip-içip,
mydar etse biraz ölmän,
bor-bolgusyz, özi ýaly
dostlar bilen gürrüň edip,
wagt ýitirer çagalaryn
okatmagyň deregine,
zäher gatar millet gorkup,
indi iýjek höregine.
Mekdep saňa bilim bermez,
üşük bermez ÝOJ-lar saňa,
diýmek, bermez erkinligi,
gelmez onuň özi ylgap,
özüň oka, özüň ösdür,
ýele berme gözel ömrüň,
çagalaryň ýele berme,
gula berme sowet soňy,
iňlis dilin bilýän hatda,
aýlyk, baýlyk gelmez ondan,
döwlet işi, ogurlyksyz,
ölmez-ödi, baýnatmadyk,
ýa ogurlyk bükgüldide,
bagtyň däldir, duzagyňdyr,
duşagyňdyr, dyzdan salnan,
kast etmekdir özüňe ol,
gaçyp bilseň, gaç öýüňe,
çagalaryň arasyna,
bile ýaşa, aýralyk däl,
üzňelik däl islän zadyň,
agtyklaryň bilen oýna,
öwret, öwren gowy zady,
dogry sözüň soňa goýma!
Gowy pikir, oýuň bolsa,
ogurlyga, şere garşy,
näme diýer diýme iller,
näme diýer diýme döwlet,
ýere ýykjak ýaly arşy,
gorkuzsa-da, gorkmajak bol,
adam goýman ulus-ilde,
bar gepläni öldürmez ol,
pikirleriň, döwülmedik,
sözüň bolsa, egilmedik,
paýlaş eziz adam bilen,
çagalaryň bilen ilki,
besdir kastyň pikiriňe,
besdir kastyň arzuwyňa,
müňkür bolup özüň, belki,
gürlemesem gowy bolar,
diýip geçme sansyz, selki.