Türme hakykaty
Diktatoryň türmesini açdylar,
gören türmäň gyrasyny, gutulyp,
gören görgiň aýtjak bolup janserek,
ýazan kitaplaryň bagryňa basyp,
yza çekilmäge mejbur bolmagyň
sebäbini ýene ýatladyp saňa,
gören bilýär, neden gaçýar gutulan,
neden ýurdun terk edýäniň sany ýok,
neden yza dolanmaýar adamlar,
erk, ygtyýar gözlän gözünden bolýar,
ýa sözünden bolýar çynyn aýdanlar.
Diktatoryň türmesini açdylar,
görkezdiler GULAG nädip işleýär,
onda, munda gerek, saklanan uzak,
gapysyny açyp görmejeklere,
görkezdiler nädip gurulýar duzak,
belli, ony goranlaryň gorkusy,
aladasy näme, düşünmeýän ýok,
onuň açylmagy gerek däl oňa,
sebäbi bähbide gaabat gelenok,
onuň açylmagy gerek däl muňa,
her hili pikir bar, göreş baş dürli,
ýöne tümde galan garaşýar daňa.