Surat

Sowuklygyň sebäbi

Eger biri sowuk bolsa,
il-gününe, dosty-ýara,
gazan ýaly daşy gara,
çekse özün ilden gyra,
'Bäh, ýüregi demir, daşmy,
ýa derýamy, doňan gyşda?'
diýen sorag dörär başda.

Nädip ogly bolup iliň,
arasynda önüp-ösüp,
bolup bolýar beýle kesik,
üzük, ýoluk, aýrybaşga,
okap, bilip, işde ösüp,
ýa ezilýän, talanýanyň
pesmi entek agy sesi?..

Eger biri sowuk bolsa,
soraýasyň geler gülse,
ýa ýylgyrsa il diýilse,
'Näme, haýpyň gelenokmy,
ýa içinde ýaşap iliň,
hiç bir derdin bileňokmy?'

Ýöne pikir etseň çala,
görner öňde demir gala,
süýtde agzy bişen oglan,
suwy üfläp içer öwlen,
ýaş başyndan kän ikilik,
biwepalyk gören gyzlar,
süri bolsa ilde azgyn,
emel ýetip iki günlük,
nädip adam bolsun gyzgyn?

Eger biri sowuk bolsa,
pikir etme erbet diýip,
ýa bigäne öz-özüne,
dogan-gardaş, dosty-ýara,
ozal onuň ýorganyny
kän otlandyr içigara.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024