Neberäňde görip bolsa
Neberäňde ýakyn ýa daş,
bahyl, içigara bolsa,
iň ýigrenji duşmanyňdan
hatarlydyr, bilmeseň bil,
gül getirse, alma ondan,
gapyl basar, saýrak bilbil,
ary bolup, bal getirse,
alma, datma, aşak egil,
içiň tutup, agyrýar diý,
diýse garaş, dermanym bar,
çykarmanka baş alyp gaç,
ýol ugruna gygyr, bagyr:
Haý, dat, galdy diý-de Arkaç!