Düşündirjek bolsaň
Sen näme üçin, samsyk ýaly,
aklamaly özüň, gözläp
gerek sözi başga dilde,
düşündirip düşünmejek,
düşünesi gelmeýäne,
bilmeýäne özi näme
işleýänin bilýän diýip,
düşündirjek bolsaň dözmän,
ýalan sözläp gelen adam,
bilýän diýip seniň diliň,
iliň ähli meselesin,
belki, ýolda aran, ýadan,
ýalňyşyny boýun almaz,
ýene seni saýar nadan.