Abat ýurt
O döwletiň ne içerki,
ne daşarky meseläni
düşündirýän adamy bar,
suw joşsa-da dymýa ýeser,
ýer yransa, has-da beter,
ýolda bolsa hadyslar,
adam ölse, öldürilse,
mal üstünde, ar üstünde,
bilmeli däl kimse gelip,
bilmeli däl ýangyn bolsa,
näme etjek muny bilip,
ýaşaýarka bagtly hemme,
o döwletiň içi abat,
daşy abat, TW günde
gaýtalaýar bir sözleri,
asuda, päk diýýär asman,
ýöne gamgyn pir gözleri.