Surat

Howply gözegçilik

Ýokardan hak seredermiş,
a içiňden öz wyždanyň,
daş-töwerek, özüň bilýäň,
gözden doly, ýakyn ýa ýat,
iýjek bolar gözi bilen,
goýmaz olar günüňe hiç,
kazy ýaly gelen gelen,
ýa-da başga hünäri ýok,
geýme tämiz köýnek günde,
ütükleme balagyň kän,
ýalpyldatma aýakgabyň,
selkiräk bol, açma ýakaň,
başyň aşak, ýüzüň salyk,
müýnli ýaşa, ýeriň pesti,,
assa basyp, düzi bilen,
kösenmesin, tapsyn kemiň,
garalajak sözi bilen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024