Küýze pelsepesi
Suw getirjek bolup mydam
heläk bolma, küýzäni döw,
wah-eý diýip gaçdy ýere,
sylagyň has artyk bolar,
dünýe tabyn bolsa şere,
daşa ur sen küýze görseň,
bir, iki däl, ömrüň boýy,
hyzmat etjek bolma baryp,
kimiň bolsa ýasy, toýy...
Salam berseň, ýa ýylgyrsaň,
sylag, hormat etseň ile,
arzan bolar bahaň, giçlik
geçmän gaýdan öküz ýaly,
küýze döwen şa bolýarka,
ýazyrlýarka ogra haly,
ýöre diýip aýakgaply,
ýüzüň sallap, özüň iýme,
galdyr başyň, döw küýzäni,
oýun gerek ile, güýme!