Damaskly bosgun
Damaskly bosgun aglady bu gün,
diýdi ejem diri, görerin indi,
mazaryna baş egerin kakamyň,
mazaryna baş egerin agamyň,
mazaryna baş egerin inimiň,
daýym nirde depin boldy, bilemok,
daýzam nirde depin boldy, bilemok,
bararyn, nirede bolsa mazarlyk,
baş egerin, doga-dileg ederin,
ýuwaryn gözýaşa ýuwulmaz ýüzüm,
gara çorun aýryp bilmän hederiň,
mazaryna baş egerin kim bolsun,
ili üçin gurban bolan ýurdunda,
gaçyp gitmän meniň ýaly, umytsyz,
ýurduň güni boldy diýip ikindi,
damaskly bosgun bozlady sessiz,
diýdi ejem diri, görerin indi!..