Esasy zat
Esasy zat näme saňa,
o biriniň eý diýeni,
beý diýeni esasymy,
ýa geýeni birleriniň,
ýa iýeni birleriniň,
ýa maşyny, ýa-da jaýy,
wezipesi, nädip ýetse,
ýa aýaly, ýa-da äri,
çagalary, kämil, köstsüz,
ýa ýalany, çyna bermez,
esasymy gezmek saňa,
ýa-da galmak bilmez, görmez.
Borjuň barmy, barmy bergiň,
ýylgyrmaly ýalan-ýaşryk,
gürleşmeli, birleşmeli
gürleşmesiz adam bilen,
onuň ýoly bolsa başga,
seniň ýoluň bolsa başga,
alajym ýok, bagly hemme
bir zynjyra diýme maňa,
düşünjek bol irräk, giç däl,
esasy zat näme saňa?