Guwanç meselesi
Ýol tapmasaň, ýodalary
ot-çöp basan bolsa birçak,
ýa daş, kesek kesse öňüň,
käsi dagdan inen, goçak,
ýolsuz iliň biri bolma,
ölme ölen bilen diri,
özün aldap, ýaşan bolýan
akyllynyň biri bolma,
biri bolma gürlänleriň,
biri bolma dymanlaryň,
içi, daşy ýalan diňe,
özi ýaly etjek bolýan,
goý, serestsin daşdan siňe,
gözün dikip gül ýaşyňa,
seniň özüň guwanmasaň,
guwanjak ýok göz, gaşyňa.