Blogçy fenomeni
Iň başlangyç blogçy-da,
il-gününiň derdin sözlän,
ýa sözlejek bolýan çala,
meşhur boldy ýa tanymal,
at gazanan artistlerden,
ýazyjydan, baýrak alan,
şahyrlardan, derejeli,
öň Lenine aşyk bolan,
partiýanyň hyzmatkäri,
hökümete ýallaklaýan...
Iň başlangyç blogçy-da,
aktiwist-de meşhur boldy,
alymlardan, kürsi guly,
professor, dosent bolup,
sapak berýän agzy bagly
studente, talyp bolan,
özi palçyk, özüne laý,
hem özüne galyp bolan,
kerpiç bolan haýat üçin,
ozal okan umytdy, wah,
indi ýakan özi için...
Iň başlangyç blogçy-da
meşhur boldy ýa gerekli
haja giden ahun, molla,
ýa aýlykly ymamlardan,
ak sakgally ýaşulular,
il derdine gezek gelse,
agzy gat-gat ýaşmak bolan,
ýüzi gara boldy, taryh
blogçyny il adamsy,
halk adamsy etdi birden,
ýüz tutulýan, kömek sorap,
öň hak diýen diýýär indi:
Blogçy jan, ýetiş, gora?!.