Ýeňleniň kinosy
Olar şindem basyp alan ýagynyň,
uly dogan, beýik adam diýmeli,
beýikligin ýere ýazan gan bilen,
gylyçdan geçirip, geçirip okdan,
türme näme, sürgün näme, görkezip,
özünden göwnüni geçiren iliň,
keýpine däl, gelen gitmezlik üçin,
doýmaz-dolmaz, belli niýeti, päli,
kinolaryn hezil edip görýärler,
okaýarlar kitaplaryn ýazyjyň
ýüreginden däl-de, diliň ujundan,
ýazylmaly, gerek diýip ýazylan,
setirleriň arasyndan, gönüläp,
özlerine nämeleri diýmedik,
ýöňkemedik haýsy aýby, janawer,
yzagalak, wagşy diýip atmaga,
itmäge çem gelen çukura ertir
taýýar eden zalymlaryň kinosyn,
awy-zäher sözlerini, manysyn
bilseler-de ýatlaýarlar, oýun dek,
şondan ýeňen, gypynç etmän henizem,
diýýär bize guşkelle ýa goýun dek.