Surat

Ata we onuň mirasy

Atasyndan ogluna
miras galýar ullakan,
göge ýetjek boýuna,
ýeri örtjek inine,
gara tegmil, päkligi
düýşünde-de görmedik,
ýogsa bende ak geýip,
hajy bolup oýnady,
ezilýän il aglady,
öň aç bolan doýmady.

Atasyndan agtyga
miras galýar ullakan,
çukur bolan erkege,
aýallary aç ýykan,
gara tegmil, gije dek,
ýuwulmajak ýüz ýylda,
ýagyş ýagsa, gar ýagsa,
geýip agyn lybasyň,
hajy hem boldy ýogsa,
agtygy dek ýüzikliň,
ýat bolmaly iline,
bilinýänin bilýär ol,
urlan ýylan biline.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024