Surat

Memento mori

Ýok, memento mori, gardaş,
gypjyn-gypjyn ýaşamak däl,
daşamak däl öýe gaýgy,
gara gamdan gagşamak däl,
alada däl soňy gelmez,
ogşamak däl her bir eli,
'eý' diýdiler, 'beý'diýdiler,
'aýlygymdan tutdular-laý,
ýa başlygyň ýüzi tutuk,
ýolda polis ütdi ýene' -
diýip, hapa sögünmek däl
o biriniň ejesine.

Ölümiňi ýada salmak,
agşam öýde aglamak däl,
garry eneň, ataň bolsa,
ýa aýalyň bolsa, naçar,
çagalaryň bolsa uşak,
ýa okuwsyz, işsiz galan,
ýüreklerin daglamak däl,
pesiň-pesi işe gatnap,
kişiň elin ýaglamak däl.

Ýok, memento mori, dogan,
çydamak däl öňýetene,
diýip maňlaý, ýazgydym-da,
unutmazlyk ölümiňi,
unutmazlyk o dünýäni,
gorkup, busup oturmak däl,
dogan Aýyň batyrmak däl,
Güne ýatmak däl ol çişip,
ýagty günüň tüme öwrüp,
gara güne salyp özüň,
aýy, ýyly ýitirmek däl,
ölmez-ödi bolýar diýip,
ýa çydamak özüňçe ýok,
hiç kimçe ýok gedem äre,
dost-ýar diýip kümsüklere,
ýa-da diýip emel ýeten,
geçirmek däl kemsitmäni,
ýalan-ýaşryk habarlary,
gürrüňleri ýapa degmez,
döwletiňki, ýa hususy,
ýuwutmak däl sessiz günde,
özüň bilip egsik, asy.

Ölümiňi ýada salmak,
o dünýäňi ýada salmak,
unutmak däl bu dünýäňi,
kimdigiňi bilip bilmän,
tanamak ol özüň ilki,
öz wagtyňy ýada salmak,
öz ömrüňi ýada salmak,
gorkup, gaçyp kölegäňden,
dolanmazlyk yza haslap,
bil, memento mori, ildeş,
öldürmek däl wagtyň asla.

Ýok, memento mori, inim,
başgalara baş egmek däl,
sylamak däl kesekini,
ýa görkezmek sylaýanyň,
almasa-da salam berip,
dogmaz oglan salyp içe,
bogaz bolup ölmek däl-de,
öz wagtyňy sylamak ol,
sylamak ol özüň ilki,
säher turup, aýna bakyp,
gören ýüzüň gowy görmek,
adam saýmak özüňi ol,
hem özüňe salam bermek!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024