Umyt aýdymy
Sen umydy saýla, göwnüm,
dowla düşme, darykma kän,
barar diýme ýurdum gowga,
diýme bolar urlan dükan,
erbet sözi alma dile,
sen umydy saýla, göwnüm,
hem özüňe, hemem ile...
Gyzjagazlar, perişde dek,
nä günlere düşdi, Alla,
ene-ata, jaýy jennet,
neneň ýanyp, bişdi, Alla,
sen arzuwy saýla ýene,
urulmasyn hiç bir çaga,
har bolmasyn hiç bir ene!
Gahar bizi halas etmez,
halas etmez öýke-kine,
halas etmez betgümanlyk,
gargyş bizi halas etmez,
halas etmez ýigrenç bizi,
sen umydy saýla, göwnüm,
sen arzuwy saýla ýene,
aç galmasyn hiç bir çaga,
hor bolmasyn hiç bir ene!
Dost galmady diýme artyk,
ýa dogan ýok bil baglara,
zadyň üçin etjek her zat,
garalajak adyň soňra,
diýme ne döw çaldy ile,
besdir, ýanyp, köýme, göwnüm,
sen umydy saýla ýene,
aç galmasyn hiç bir çaga,
har bolmasyn hiç bir ene!
Gözlerini gum doldurjak
hajymelik doýmaz diýme,
ýesir alan gözel ilim,
bu golaýda goýmaz diýme,
jany ýanan, gahar eden
nämeleri diýmez diýme,
aç-hor bolan, suwsuz galan
näme içmez, iýmez diýme,
çekmez diýme il nämäni,
batmaz diýme haýsy batga,
tozar diýme oba, şäher,
ýaşalan ýaş, her geçen gün
bolar diýme awy, zäher...
Wah, atym ýok, ýaragym ýok,
ýogsa bilýän etjegimi,
diýme elim gelse bolýar,
Ýaradan, Hak gökden garap,
bir ýüzüme gülse bolýar,
erbet bolma erbet bilen,
diýme goýman, ar alaryn,
gowulygyň iýme, göwnüm,
goý, kim näme diýsin saňa,
sen diýleni diýme, göwnüm,
sen umydy saýla diňe,
yza gitme galan bilen,
özün aldap, diýip öňe;
sen arzuwy saýla, göwnüm,
sen umydy saýla ýene,
aç galmasyn hiç bir çaga,
har bolmasyn hiç bir ene!