Gutulgysyz göreş
Delili kän bolup biler gorkynyň,
howatyryň ýaraglynyň öňünde,
zäher eden çaý-çöregi türmede,
bilýän seni el degirmän öldürip,
ýöne ejap edýän, günäsi uly,
döwlet bolan bolup oýnaýar, puly
hem jenneti, hem dowzahy, düşünýär,
bilinýänin bilýär edenin näme,
nä günlere salanyny milleti,
delili kän çekil diýýäniň yza,
ýöne umyt etme, kömegi bolmaz,
uzak halas etmez çökeniň dyza.