Iň gysga sapak
Seni ejeň okatmasa wagtynda,
seni kakaň okatmasa wagtynda,
ataň, eneň, babaň, mamaň bolmasa,
agalaryň, daýy-daýzaň, goňşular
okaweri oglan diýip gelmese,
ýa-da özüň bilip, eliňe kitap,
depder alyp, baryp, gelip mekdebe,
mantyk derýasynyň suwuny barlap,
gyrasyndan çala girmedik bolsaň,
bilim näme, içilýärmi, iýilýär,
döwüm-dişlem dadyp görmedik bolsaň,
ýa-da tanyş görüp, pul berip uly,
bolup galyp puluň gulunyň guly,
gaty kagyz almak bolsa okuwyň,
düşünmeseň näme bolýar daşyňda,
bir adalat bardyr diýip ýokarda,
haýsy daşy döwjek ertir başyňda,
azlygyň ýa köpçüligiň töhmeti,
özüňe gelýänçä görmeseň gowy
aýakgaply basgylaýan döwleti,
wagty gelip, durmuş basan agşamy,
çar tarapa jabjynanyň peýdasyz,
seniň ýaly kän gaflatda ýassyksyz,
ýa ýassykdan başga emläksiz hasy.