Aýdyň hakykaty
Žurnalisti, ýazyjysy, şahyry,
alymlary goramady milleti,
aýdyňy aýdyň däl, aýdymçy boldy,
köşk öňünde, pul töläniň toýunda,
basgylanýan ile gözüni ýumup,
utjak bary oýnap karam oýunda,
biri-birin aldap, aldap özlerin,
diýdi olar iliň özi günäkär,
goý, süpürsin ýandak bilen gözlerin,
biz gorasak, gorajakmy bizi ol,
başyň dikkä, işiň barka adam sen,
görüp ýörüs, kim nirede bu mahal,
žurnalisti, ýazjysy, şahyry,
alymlary bilen ýykyldy Ahal.