Surat

Koloniýa mirasy

Basyp alan, gana boýap topragyň,
ýeriňden, ýurduňdan çykyp gitse-de,
ýa aljyrap, çekilse-de yzyna,
niýetini düýpden düzedip bilmän,
başga ýurda goşun sürüp, ozalky
gul-gyrnagym diýip çöksün dyzyna,
iki ýüzli, iki sözli, ýüreksiz,
gan dökmek däbini dowam edýärkä,
sen beýniňi argylajak bolarsyň,
uly dogan, beýik millet terrory,
ýalançylyk, açgözlügi – mirasyň,
ysmaz edip döwlet äri diýjegiň,
basyp alan gidip gitmeýär aňsat,
zäher edýär gözel iliň iýjegin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024