Surat

Esasy kemçilik

O birleri, bu birleri, ýadymda,
konýak içdim diýýän ýaşuly bilen,
sapar etdim näçe ýurda ýanynda,
maslahatlar mensiz geçmejek ýaly,
özi görüp, goşdurýardy sanawa,
bir janyny ynanýany menmişim,
arasynda akly başdan çogýanyň,
aýdan sözün üç-dört adam getirdi;
o birleri, bu birleri, ýadymda,
soň işini, azatlygyn ýitirdi,
oýna, çyna düşünmedik oýnatgy,
pida boldy baş oýunçyň özi hem,
kändi daşdan seredeňde ýeserje,
ýöne, belki, dilde ýürek sözi kem.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024