Çörek ýaragy
Duşman boldy döwlet ile,
içi ýagşy ýagynyň, bil,
bileje bol, düşme dile,
diýýär ýesir alnan bilbil...
Aç saklamak, hor saklamak,
mätäç etmek syýasaty,
ýarag boldy garşysyna,
gaçdy çörek münüp aty,
öý-öwzarsyz naçar, çaga,
gary-gurty, men diýen är,
ýer sermendi, ata-baba
maly bolsa, malsyz galyp,
baş göterse, bilýär ertir
döwlet näme eder salyp,
türmesine, baş buýsanjy,
GULAG dini iş bitirýär,
uly, kiçiň böwri sanjy,
gaçýan, kowýan howsalada,
uruş bolsun ýa bolmasyn,
gün geçirmek baş alada,
bir tanap ýer, bir sagat suw
bolsa günün gören millet,
dowzah bolup gözel ýurdy,
gije-gündiz iýýär minnet.