Gazet hasraty
Walla, nätdiler-aý, diýdi ýaşuly,
öwredipdi döwlet, kommunistmi, däl,
gazetlere ýazylardyk hökmany,
bilmelidik näme bolýar jahanda,
aýdylýan zat näme bolsa, çyn ýaly,
leninçiler ýaly kabul edýärdik,
kim git diýip, gaýtarypdyr ykbaly,
düşünýärdik, kellä geýilmez ädik,
ata-baba tutda-basda tutulyp,
tamda gulak gürletmedi artykmaç,
ejiz bolsaň, oýnamaly utulyp,
onsoň okan borduk ýazylsa näme,
hemem gazet gowy zatdy umuman,
hojalykda peýdasy kän bolardy,
indi sanly diýip tapdylar bir zat,
kagyz atly boldy, millet pyýada,
ertir, agşam kösenýäris, dat, bidat!.