Halasgär hakykaty
Köşgi-eýwan gurup, talap,
garyp ili gedaý goýan,
nöker tutan imansyzdan,
ýa nebsiniň, ýa gorkynyň
guly bolup gazan zyndan
adamlaryň halasgäri,
ýarag edip mätäçligi,
ejizligiň dowzahyny,
adam eli bilen gurlan,
bu döwrany maňa sylap,
Allaň özi berdi diýýär,
ýa-ha ynan, ýa-da gaçyp,
gutul diýýär KNB haýýar.