Bäbek oýny
Uly adam, elli ýaşan,
altmyş ýaşan, ýetmiş ýaşan,
ýa-da otuz, kyrky dolan,
bäbek bolsa, gundagdaky,
ýa-da ýaňy eşik geýen,
emedeklän, ýörjen-ýörjen,
aglap, eňräp, möhümini,
ýa islegin aýan edýän,
boýna dakýan talabyny,
ene-ata, dogan-gardaş,
ýa başgalar, borçly ýaly,
ylgamaly, elde-aýak,
olar bir däl, iki, üç däl,
ýüzlerçe müň, bolup taýak,
sylajak däl diýseň turup,
bes edeliň bäbek oýnun,
hem sen asy gaýtsaň aryp,
gysganýan dek kolhoz goýnun.